Oýun sanawy


Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, Ýeriň magnit meýdanynda pes derejeli (G1) üýtgeşmeler başlandy. Bu tebigy hadysanyň adatdakysyndan has uzak, ýagny bir hepde töweregi dowam etmegine garaşylýar. Alymlar bu baradaky netijeleri Gün astronomiýasyny we Gün-Ýer fizikasyny öwrenýän halkara ylmy merkezleriň gözleglerine esaslanyp mälim etdiler.
Magnit tupanynyň umumy dowamlylygy bäş günden ýedi güne çenli bolup biler. Hadysanyň iň ýokary işjeňlik derejesi dynç alyş günlerinde hasaba alnyp, şol wagt görkezijiler ortaça G2 derejesine çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda bolsa sarsgynlaryň güýji birneme peselip, durnukly pes derejede saklanyp galýar.
Ylmy nukdaýnazardan seredilende, G1 derejeli tupanlar uly göwrümli bökdençlikleri döretmeýär. Emma olar kosmos enjamlarynyň dolandyryş ulgamlaryna we käbir tehnologik enjamlaryň işine ujypsyzja täsir edip bilýär. Inženerler we tehniki hünärmenler emeli hemralaryň we beýleki aragatnaşyk serişdeleriniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek üçin monitoring işlerini dowam etdirýärler.
Şeýle dowamly geomagnit işjeňligi seýrek duş gelýän hadysalaryň biri hasaplanýar. Munuň bilen baglylykda, lukmanlar we hünärmenler tebigy hadysalara duýgur adamlara öz saglyklaryna durnukly gözegçilik etmegi maslahat berýärler. Magnit meýdanynyň ýagdaýynyň geljekki birnäçe günüň dowamynda doly kadalaşmagyna we durnuklaşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.