Oýun sanawy


Ýer ýüzünde çaga dogluş görkezijisi ilatyň dikeldiş derejesinden aşak düşdi
28 Awgust. 13:32Dünýä boýunça çaga dogluş derejesi taryhda ilkinji gezek ilat sanyny durnukly saklamak üçin zerur bolan çäkden aşak peseldi. Pensilwaniýa hem-de Nort-Western uniwersitetleriniň alymlary 1950-nji ýyldan bäri 236 döwlet boýunça toplanan maglumatlary derňäp, ussatlyk bilen taýýarlan «Terra Incognita: The Economics of a Shrinking World» atly ylmy işinde bu barada habar berýärler. Barlaglara görä, bütin dünýäde ortalança görkeziji bir zenana 2,2 çaga derejesine çenli azaldy.
Hünärmenler hatda taryhy krizislerde we epidemiýalarda hem şeýle tizlikdäki peselişiň bolmandygyny nygtaýarlar. Ýagdaýyň aýratyn-da ösüp barýan hem-de orta girdejili ýurtlarda çaltlaşmagy alymlaryň ünsüni çekdi. Meselem, Tailandda bir zenana düşýän çaga sany 0,87-ä, Kolumbiýada 1,01-e, Eýranda 1,35-e, Braziliýada hem-de Meksikada bolsa 1,52 we 1,51 derejelere peseldi.
Ylmy çaklamalara görä, ilat sany ýene birnäçe onýyllygyň dowamynda haýallyk bilen köpelmegini dowam etdirip, 2056-njy ýylda 9 milliard adama ýeter. Şol iň ýokary sepgitden soň bolsa planetamyzyň ilat sany yzygiderli azalmaga başlar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.