Oýun sanawy

Günüň ýüzünde täze güýçli partlama garaşylýar

12 Maý. 08:13

Çeşme

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň alymlary 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze kuwwatly partlamanyň boljakdygy barada duýduryş berdiler. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Gün tegmilleriniň işjeň topary täze energiýa toplamak tapgyryny tamamlaýar. Bu hadysa astronomlaryň yzygiderli gözegçiliginde saklanylýar we onuň Ýere ýetirip biljek täsirleri seljerilýär.

Geçirilen barlaglar we öňki hadysalaryň seljermesi bu çaklamanyň esasy bolup hyzmat etdi. Alymlar 7-nji we 10-njy maý aralygynda bolup geçen partlamalaryň arasyndaky wagt tapawudyny hasaba alyp, Gün energiýasynyň toplanma dowamlylygyny kesgitlediler. Şoňa görä-de, 13-nji maýda täze energetik işjeňligiň ýüze çykmak ähtimallygy örän ýokary diýlip hasaplanýar.

Häzirki wagtda Günüň işjeň sebitleriniň biri diskiniň gyrasyndan merkezine tarap süýşýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu sebit 13-nji maýa çenli Ýer şaryna göni täsir edip biljek zolaga girer. Bu bolsa, Gün şöhlelenmesiniň we magnit tolkunlarynyň biziň planetamyzyň atmosferasyna täsiriniň artmagyna sebäp bolup biler.

Geçen günleriň dowamynda hem Günüň ýüzünde birnäçe gezek ýokary derejeli partlamalar hasaba alyndy. Hususan-da, 10-njy maýda ýüze çykan M5.7 klasly partlama häzirki wagtda Ýere tarap gönükýär. Bu hadysalar Ýeriň magnit meýdanynda wagtlaýyn üýtgeşmeleriň ýüze çykmagyna we tehnologik ulgamlaryň işine täsir etmegine sebäp bolup biler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌