Oýun sanawy


13-nji fewral gijesi Pariždäki Luwr muzeýinde suw basma ýagdaýy ýüze çykdy. Bu barada BFMTV teleýaýlymy habar berdi. Muzeýiň tehniki işgärleri adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler.
Waka XV–XVI asyrlara degişli sungat eserleri saklanýan 707-nji «Dýuşatel» zalynda boldy. Ilkinji maglumatlara görä, birnäçe eksponata düýpli zeper ýetdi. Häzirki wagtda hünärmenler olaryň ýagdaýyny seljerip, ýetirilen zyýanyň möçberini anyklaýarlar.
Çaklamalara görä, suw basmagyna binanyň ýokarky gatlarynyň birindäki turba näsazlygy sebäp bolupdyr. Howpsuzlyk çäreleri hökmünde 706-njy zaldan 708-nji zala çenli bölümler wagtlaýynça ýapyldy.
Soňky ýyllarda Luwruň ady başga waka bilen hem baglylykda agzalypdy. 2025-nji ýylyň oktýabrynda muzeýde uly talaňçylyk bolup, işçi eşigindäki näbelli adamlar ýörite tehnikanyň kömegi bilen içeri girip, Napoleonyň kolleksiýasyna degişli takmynan 88 million ýewro gymmatyndaky şaý-sepleri alyp gaçypdylar. Ogurlanan zatlaryň arasynda monjuk, tumar we diodema bardy. Imperator zenan Ýewgeniýanyň täji bolsa olaryň gaçan mahaly ýere düşüp galypdy. Soňra gymmatlyklaryň bir bölegini darknet arkaly satmaga synanyşyk edilendigi hem mälim boldy.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň