Oýun sanawy

Gözleg we innowasiýa çäreleriniň çäginde sport harytlarynyň täze tejribe taslamasy tanyşdyryldy

12 Iýul. 17:25

Çeşme

Dünýäniň iň iri sport brendleriniň biri önümçilige innowasion sanly tehnologiýalary we üçölçegli modelirlemäni ornaşdyrmak ugrunda nobatdaky strategik ädimini ätdi. Kompaniýanyň ýöriteleşdirilen basketbol bölümi döwrebap innowasion platformasynyň çäginde dabany gözenekli gurluşdan ybarat bolan ilkinji tejribe aýakgap modelini resmi taýdan köpçülige hödürledi. Täze taslama sport harytlarynyň geljekki önümçilik standartlaryny kesgitlemekde möhüm tapgyr hökmünde görülýär.

Täze önümiň esasy aýratynlygy onuň ýörite sanly enjamlarda, has takygy 3D printerde çap edilip taýýarlanmagydyr. Bu goşmaça (additiw) tehnologiýa aýakgabyň dabanynyň we tutuş göwresiniň aýagyň anatometrik gurluşyna doly laýyk oturmagyny kepillendirýär hem-de hereket wagtynda çeýeligi has-da ýokarlandyrýar. Bu täze önümi meýdançada synagdan geçirjek ilkinji meşhur türgen hem eýýäm kesgitlenip, ol professional liganyň şu ýylky tomusky bäsleşikleriniň gatnaşyjysy bolar.

Kompaniýa önümiň tanyşdyrylyş çäresini dünýäniň esasy sport we oýun şäherleriniň birinde gurnap, oňa gatnaşan myhmanlara innowasion aýakgaplaryň ýasalyş we çap ediliş pursatlaryny göni ýaýlymda synlamaga mümkinçilik döretdi. Çäre meşhur basketbol ligasynyň ýaş ýyldyzlarynyň we täze oýunçylarynyň jemlenýän sport möwsümine utgaşdyrylyp guraldy.

Bu model kolleksionerler we sport muşdaklary üçin örän gymmatly tapyndy bolar, sebäbi önüm örän çäkli mukdarda — bütin dünýä boýunça ýüz ýetmişe hem ýetmeýän jübüt sanynda çykaryldy. Krossowkalaryň esasy bölegi brendiň ýöriteleşdirilen sanly programmalary we iri sebitlerdäki baş dükanlary arkaly sarp edijilere çykarylar we onuň resmi bahasy hem kesgitli derejede bolar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌