Oýun sanawy


CNPC strategiki hyzmatdaşlygyny tassyklaýar: Hytaý Türkmenistan bilen gaz gatnaşyklaryny 2050-nji ýyla çenli çuňlaşdyrmagy maksat edinýär
23 Okt. 10:42«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatynda hem-de sergisinde Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) Merkezi Aziýa we Russiýa boýunça prezidenti Çen Huaýlun çykyş etdi. Ol çykyşynda Türkmenistany Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, ýurdumyzyň bitarap, açyk we konstruktiw daşary syýasatynyň dünýäniň hem-de sebitiň energetika howpsuzlygyna uly goşant goşýandygyny nygtady.
Çen Huaýlun häzirki döwürde dünýä energetika ulgamynyň arassa we pes uglerodly ösüşe tarap ýüzlenýändigini belläp, bu şertlerde tebigy gazyň orny aýratyn ähmiýetli bolup galýandygyny aýtdy. Ol baý tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistanyň dünýäde energiýa serişdelerine bolan artýan islegi kanagatlandyrmakda, şeýle hem eksport ugurlaryny giňeltmekde we diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm mümkinçiliklere eýedigini belledi.
CNPC-niň wekili soňky 19 ýylyň dowamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň gaz pudagynda möhüm üstünliklere ýetendigini aýtdy. 2007-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk känleriň özleşdirilmeginden («Bagtyýarlyk») başlap, söwda we inženerçilik ulgamlaryna çenli giňelýär. Iki ýurduň arasynda tebigy gaz söwdasynyň jemi möçberi 450 milliard kub metre ýetdi. Bu görkeziji ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly täsir etdi.
Çen Huaýlun Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda gazanylan ylalaşygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugrunyň tassyknamasy hökmünde görkezdi.
Geljekde CNPC «Türkmengaz» Döwlet konserni bilen bilelikde gaz ulgamynyň ähli basgançaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, öndürijiligi ýokarlandyrmak we howpsuzlyga uly üns bermek arkaly strategiki gatnaşyklaryň giňeldiljekdigini tassyklady.
Mundan başga-da, CNPC gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, wodorod tehnologiýalary we metan zyňyndylaryny azaltmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly ýaşyl energetika geçişini çaltlaşdyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem energiýa ulgamlaryny sanlylaşdyrmak we hünärmen taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalar durmuşa geçiriler.
Çen Huaýlun çykyşynyň dowamynda dünýäde adalatly we durnukly energetika dolandyryş ulgamyny döretmekde ähli taraplar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
Şeýle hem okanyň


Özbegistanda latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýiniň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşi tassyklanyldy
Bugün 10:24Özbegistanyň Prezidenti latyn elipbiýine esaslanýan özbek ýazuwynyň täzelenen görnüşini tassyklamak hakyndaky möhüm kanuna gol çekdi. Resmi resminama 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde doly güýje girer. Elipbiýniň täze nusgasy 28 sany harpdan we apostrof belgiden ybarat bolup, ozalky ýazuwda giňden ulanylan käbir harp birleşmelerini aýratyn harplar bilen çalşyrmagy göz öňünde tutýar. Netijede, häzirki wagtda ulanylýan «Sh» harp birleşmesi «Ş», «Ch» — «Ç», «Oʻ» — «Ö», al «Gʻ» bolsa «Ğ» görnüşinde ýazylar, şeýle hem «Ng» birleşmesi elipbiýiň aýratyn birligi hökmünde aýrylar.
Täze kanunyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Özbegistanyň Ministrler Kabineti ýakynda täzelenen latyn elipbiýine geçmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasyny tassyklamalydyr. Bu maksatnama täze ýazuw düzgünleriniň ýurduň dürli pudaklarnda, şol sanda neşirýatda, maglumat ulgamlarynda we dolandyryş edaralarynda haýsy möhletlerde ornaşdyryljagyny anyk kesgitlər. Kanun güýje giren gününden başlap, ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döwlet edaralary we resmi edaralar resminamalary täze bitewi düzgünler esasynda ýöretmäge borçly bolarlar.
Şeýle hem täze elipbiýe geçiş döwründe ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin ýeňillikler göz öňünde tutuldy: 2027-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öňki elipbiýde çap edilen resminamalar, pul birlikleri we gymmatly kagyzlar öz güýjüni doly saklar. Döwlet edaralarynyň öňki nyşanlaryny, binalardaky ýazgylary we ýol görkezijilerini bolsa olar fiziki taýdan könelýänçä ýa-da hökümet maksatnamasynda görkezilen möhletlere çenli ulanmaga rugsat berler. Mundan başga-da, täze düzgünlere laýyklykda taýýarlanan mekdep okuw kitaplaryny 2031-nji ýyla çenli çap edip tamamlamak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem okanyň