Oýun sanawy


Hökümet maslahatynyň dowamynda halkara derejesinde bellenilýän zenanlar gününi dabaraly ýagdaýda geçirmek boýunça ýörite maksatnama tassyklanyldy. Meýilleşdirilýän çäreleriň özeni eneleriň mukaddesligini we türkmen zenanlarynyň el hünäriniň kämilleşmegini dabaralandyrmaga gönükdirilendir. Ýurduň esasy muzeýlerinde we jemgyýetçilik merkezlerinde şekillendiriş sungatynyň nusgalaryny hem-de milli mirasymyzyň dowamatyny görkezýän täze sergiler açylar. Bu medeni çäreler zenan mertebesine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolar.
Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde döredijilik bäsleşikleriniň jemleri yglan ediler, teatrlarda we kinoteatrlarda täze sahna oýunlary hem-de filmler halka hödürlener. Medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek uly baýramçylyk konserti bu dabaralaryň iň ýokary nokadyna öwrüler. Döwlet Baştutany taýýarlanylan teklipleri makullap, paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde bolmalydygyny, munuň halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna laýyk gelmelidigini aýratyn belledi.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň