Oýun sanawy


2,4 müňden gowrak çaga Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy
29 Mart. 04:09Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri gecen bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda çagalaryň saglygyny dikeltmek ugrunda saldamly işler bitirildi. Gaznanyň goldawy bilen şu güne çenli ýurdumyzyň dürli lukmançylyk edaralarynda 758 sany çylşyrymly operasiýa üstünlikli amala aşyryldy. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde jemi 2 467 çaga döwrebap lukmançylyk bejergisini aldy. Bu maglumatlar Gaznanyň Arkadag şäherinde geçirilen Müdiriýetiniň mejlisinde jemlenildi.
Mejlisiň dowamynda Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hasabat bilen çykyş edip, bejergi usullarynyň netijeliligine aýratyn üns çekdi. Onuň bellemegine görä, sagaldyş-dikeldiş merkezinde häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary ýerli tebigy serişdeler we şypahana usullary bilen utgaşykly ulanylýar. Bu bolsa dürli keselleri bolan çagalar üçin toplumlaýyn we ýokary hilli dikeldiş şertlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle döwrebap çemeleşme çagalaryň gysga wagtyň içinde jemgyýetçilik durmuşyna gaýtyp gelmegine ýardam edýär.
Gaznanyň halkara hyzmatdaşlyk gerimi hem ýyl-ýyldan giňeýär. Geçen ýyl Arkadag şäherinde halkara guramalaryň we onlarça döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen uly maslahat munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminama BMG-niň resmi dillerine terjime edildi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resmi resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Bu bolsa Türkmenistanyň ynsanperwerlik başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýändigini görkezýär.
Mundan başga-da, Gazna dünýäniň iri ynsanperwerlik guramalary, şol sanda ÝUNISEF, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy we Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi. Bu hyzmatdaşlyk tejribe alyşmaga we çagalara kömek bermekde täze mümkinçilikleri açmaga hyzmat edýär. Gazna diňe bir lukmançylyk kömegini bermek bilen çäklenmän, eýsem ýurduň içinde we onuň çäklerinden daşarda dürli haýyr-sahawat taslamalaryny goldap, ynsanperwerlik, rehimdarlyk we adalatlylyk ýörelgelerini wagyz etmegini dowam etdirýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.