Oýun sanawy

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilim ugrundaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär – HHR-iň ilçisi

26 Iýun. 11:13

Çeşme

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şahsy goldaw bermegi netijesinde bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň örän üstünlikli ösdürilýändigini mälim etdi. Bu barada diplomat Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen, hytaý dilini uly höwes bilen öwrenýän iň gowy türkmen talyplaryna we mekdep okuwçylaryna ýörite talyp haklaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde žurnalistlere gürrüň berdi. «Hytaý ilçisiniň talyp haky» maksatnamasynyň 2026-njy ýyl üçin ilkinji 20 sany ýeňijisi (10 talyp we 10 okuwçy) kesgitlenip, olar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda guralan bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanyldy.

Ilçiniň beren maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde 10 müňden gowrak türkmenistanly ýaşlar bilim alýarlar, munuň bilen birlikde Türkmenistana gelip okaýan hytaýly talyplaryň sany hem yzygiderli artýar. Szi Şumin iki halkyň özara dilleri, baý medeniýetleri hem-de gadymy däp-dessurlary öwrenmäge bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygyny belläp, munuň ikitaraplaýyn strategik gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn we durnukly ösüşiniň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. Diplomat hytaý nakylyny mysal getirip, ýeňijilere hytaý dilini öwrenmek arkaly dünýäniň dürli künjeklerinden täze dostlar edinmegi hem-de geljekki okuwlarynda uly üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌