Oýun sanawy


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde taryhy we medeni mirasy öwrenmegiň häzirki zaman ylmy ugurlaryna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat öz işini tamamlady. Iki günüň dowamynda geçirilen forumyň çäklerinde medeniýetleriň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly ulgam arkaly guralan bu çäre halkara ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi.
Maslahatyň işi esasy üç bölümçede alnyp barylyp, olarda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy we dünýä mirasyny goramagyň hukuk hem-de amaly esaslary seljerildi. Şeýle-de alymlar halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze nusgalaryny we taryhy bilimleri okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça pikir alyşdylar. Her bir çykyşda ylmy barlaglaryň häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi.
Halkara foruma dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Ýewropadan, Aziýadan we Afrikadan gelen görnükli alymlar hem-de professorlar gatnaşdylar. Olar öz ýurtlarynda medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça amala aşyrylýan işler barada nutuklar bilen çykyş etdiler. Gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, halkara hyzmatdaşlykda parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goşunşylyk ýörelgeleri esasy ugur bolup durýar.
Maslahatyň jemleýji mejlisinde bölümçeleriň hasabatlary diňlenildi we geljekde ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi. Çäräniň ahyrynda ylmy işlerde has tapawutlanan alymlara, aspirantlara we doktorantlara ýörite şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ylmy duşuşyk täze taryhy eýýamda halklaryň medeni taýdan birleşmegine we ylmy gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyna goşant goşdy.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.