Oýun sanawy

Türkmenistan Pakistanyň iri halkara saglygy goraýyş sergilerine gatnaşar

02 Okt. 09:43

Çeşme

Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy habar berşi ýaly, 2025-nji ýylyň 23–25-nji oktýabry aralygynda Pakistanyň Karaçi şäherinde geçiriljek iki möhüm halkara sergisine — Pharma API Asia 2025 we Health API Asia 2025 — Türkmenistan gatnaşmaga çagyryldy.

Bu sergiler ýurduň saglygy goraýyş we derman senagatyny halkara derejesinde tanatmak, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin mümkinçilik döreder.

Sergide lukmançylyk enjamlary, derman gaplamalary, laboratoriýa tehnikasy, derman serişdeleriň düzüm bölekleri, iýmit goşundylary, programma üpjünçiligi we taýýar lukmançylyk önümleri görkeziler.

Çäräni E-commerce Gateway Pakistan Pvt. Ltd (Karaçi) guramagynda amala aşyrylýar. Pakistanyň iň iri 100 derman we saglygy goraýyş kompaniýasy bilen birlikde, daşary ýurtly öndürijileriň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Pharma API Asia sergisi derman pudagynyň ösüşini we maýa goýumlaryň çekilmegini maksat edinýär. Health API Asia bolsa 2004-nji ýyldan bäri geçirilýän we Pakistanyň iň uly ýyllyk saglyk sergisi hökmünde halkara derejesinde tanalýar. Bu çäre Pariždäki UFI (Halkara Sergi Guramasy) tarapyndan resmi taýdan ykrar edilendir.

Türkmenistanyň gatnaşmagy, ýurduň derman we saglygy goraýyş pudagyndaky halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌