Oýun sanawy

Türkmenistanyň uniwersiteti Kaspiniň kenarýaka döwletleriniň uniwersitetleri birleşigine agza boldy

25 Okt. 09:18

Çeşme

Türkmenistanyň Myrat Garriýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Kaspiniň kenarýaka döwletleriniň uniwersitetleri we ylmy-gözleg merkezi birleşigine agza boldy. Agzalyga kabul edilmegi, 16-17-nji oktýabrda Atyrauda geçirilen XXVII Geňeşler Assambleýasynda kabul edildi.

Çärä Gazagystan, Azerbaýjan, Türkmenistan, Eýran we Russiýanyň uniwersitetleriniň we ylmy-gözleg guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň birleşige agza bolmagy, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, Kaspiniň kenarýaka sebitindäki uniwersitetler we ylmy institutlar bilen akademiki we ylmy gatnaşyklary berkitmek, bilelikdäki gözleg başlangyçlaryny durmuşa geçirmek hem-de tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikler açýar, diýip çeşme habar berýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌