Oýun sanawy


Özbek talyplary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hünär kämilleşdiriş tapgyryny tamamladylar
04 Iýun. 10:52Daşkentiň Irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak boýunça inženerler institutynyň 19 sany talybyndan ybarat bolan topary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde iki hepdelik okuw-önümçilik tejribeligini geçdi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar berşi ýaly, maý we iýun aýlarynyň sepgidinde guralan bu halkara maksatnama goňşy ýurduň ýokary okuw mekdebiniň iki sany tejribeli mugallymy hem ýolbaşçylyk etdi. Bu çäre iki goňşy döwletiň arasyndaky ylmy-bilim gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga hyzmat edýär.
Okuw maksatnamasynyň amaly böleginiň çäklerinde özbegistanly talyplar we mugallymlar Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gidropark» suw galdyryjy desganyň hem-de «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň işi bilen ýakynrandan tanyşdylar. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurtly hünärmenler türkmen uniwersitetiniň öňdebaryjy professor-mugallymlary tarapyndan ýörite taýýarlanan ylmy leksiýalara, tejribehanalardaky amaly we barlag sapaklaryna işjeň gatnaşyp, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar barada özara tejribe alyşdylar.
Tejribelik diňe bir önümçilik we okuw sapaklary bilen çäklenmän, eýsem baý medeni-tananyşlyk çärelerini hem öz içine aldy. Myhmanlar üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa merkezine, Ylymlar akademiýasynyň Döwlet merkezi botanika bagyna, şeýle hem paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Daşkent» seýilgähine ýörite gezelençler guraldy. Bu medeni çäreler ýaşlaryň özara dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam etdi.
Iki doganlyk ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan ylmy-ynsanperwer hyzmatdaşlyk mundan beýläk hem dowam etdiriler. Ýakyn wagtda tassyklanan meýilnama esasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň hem-de iň işjeň talyplarynyň tejribe alyşmak we önümçilik usullaryny öwrenmek maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagyna garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.