Oýun sanawy

Filipp Merlen: Türkmenistanda 20 müňe golaý ýaşlar fransuz dilini öwrenýär

15 Iýul. 10:42

Çeşme

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar täze belentliklere göterilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, ýurdumyzda 20 müňe golaý mekdep okuwçysynyň we talybynyň fransuz dilini uly höwes bilen öwrenýändigi mälim edildi. Bu barada Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen düýn, ýagny 14-nji iýulda Aşgabatda geçirilen Fransiýanyň Milli baýramy (Bastiliýanyň alnan güni) mynasybetli guralan dabaraly kabul edişlikde resmi taýdan habar berdi.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde durmuşa geçirilýän bu bilim başlangyçlary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistandaky Fransuz institutynyň (IFT) işjeň goldamagynda üstünlikli amala aşyrylýar. Ilçiniň bellemegine görä, fransuz dilini guramaçylykly okatmak işi ýurdumyzyň dürli okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda alnyp barylýar we diňe bir dil öwretmek bilen çäklenmän, eýsem birnäçe medeni we ylmy-bilim taslamalarynyň hem durmuşa geçirilmegine giň şert döredýär.

Dabarada çykyş eden ilçi Filipp Merlen geljekde hem Türkmenistanda fransuz dilini we medeniýetini giňden wagyz etmek, şeýle-de bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň gerimini has-da giňeltmek boýunça netijeli işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi has-da berkider.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌