Oýun sanawy


Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini jogapkärçilikli we döredijilikli ugurda peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy. Habar beriş serişdeleriniň jemgyýetiň ösüşine hyzmat etmelidigi, şol bir wagtyň özünde bolsa kiberjenaýatçylyga we maglumat giňişliginde bir taraplaýyn hem-de zyýanly mazmunyň ýaýramagyna garşy berk çäreleriň görülmelidigi bellenildi. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen Parahatçylyk we ynanyşmak boýunça Halkara forumda çykyş etdi.
Onuň bellemegine görä, maglumat alyş-çalşygy döwletleriň arasynda hormat goýulýan we netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle dialog parahatçylyk we ynanyşmak başlangyjynyň möhüm bölegi hökmünde, şeýle-de Türkmenistanyň ozal öňe süren «dialog — parahatçylygyň kepili» diýen umumy ýörelgesiniň dowamydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu platformanyň çägindäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny, onuň geljege gönükdirilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde halkara hyzmatdaşlygyň köp ugurlary öz içine almalydygy bellenildi.
Bu nukdaýnazardan, parahatçylyk we ynanyşmak ölçeglerini daşky gurşawy goramak, arassa suwa we howa elýeterliligi, häzirki zaman saglygy goraýyş, inklýuziw bilim, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly umumadamzat ähmiýetli meseleleriň çözgüdine gönükdirmek zerur hasaplanýar.
Çykyşynyň ahyrynda Halk Maslahatynyň Başlygy gyzyklanma bildirýän döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde parahatçylyk we ynanyşmak şygary astynda hyzmatdaşlygyň täze, geljege gönükdirilen ýol kartasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de bu başlangyjyň mazmuny we guramaçylyk taraplary boýunça ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň