Oýun sanawy


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Tatarystanyň Baştutany sebitara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
14 Maý. 05:06Halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasyna sapar bilen baran türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň Kremlinde Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Dostlukly we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de strategik gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň mümkinçiliklerini seljerdiler. Bu duşuşyk iki doganlyk halkyň arasyndaky ynamdar dialogyň dowamy boldy.
Tatarystanyň Baştutany Milli Lideri mähirli garşylap, onuň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XVII halkara çäresine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagynyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna goşýan goşandyna ýokary baha berip, Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkidýändigi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Tatarystan üçin Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň bellemegine görä, eýýäm 17-nji gezek geçirilýän bu forum dünýä derejesindäki abraýyny barha artdyrýar. Milli Lider forumyň çäklerinde guralýan sanlylaşdyrma, IT tehnologiýalary we ylmy-amaly maslahatlaryň döwrebap ykdysadyýeti kemala getirmekdäki ähmiýetini nygtady. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, guralan ýokary derejeli kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ýene bir ähmiýetli tarapy Kazanyň şu ýyl yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen bagly boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu waka bilen Rustam Minnihanowy tüýs ýürekden gutlap, munuň sebitiň medeni we ruhy abraýyny has-da ýokary göterjekdigini aýtdy. Taraplar ylym-bilim, medeniýet we ýokary tehnologiýalar ulgamynda özara tejribe alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Bu bolsa geljekde täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine giň ýol açar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.