Oýun sanawy

Aşgabatda Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy

27 Sen. 06:29

Çeşme

Şu gün irden Aşgabat şäherinde Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly ýöriş başlandy.

Dabara başlamazdan ozal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu çärede hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş guramalarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, ýaşulular, daşary ýurt ilçihanalarynyň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtly myhmanlar hem bardy.

Dabaraly ýöriş ýurdumyzda göni ýaýlym arkaly milli telewideniýede görkezilýär, bu bolsa halkymyza baýramçylyk şatlygyny bilelikde paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌