Oýun sanawy


Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Garaşsyzlyk güni mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan guramaçylyk berildi. Oňa Ýaponiýanyň hökümet agzalary, parlament wekilleri, diplomatlar hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy.
Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Hisayuki Fudzii çykyş edip, Türkmenistanyň baýramy bilen gutlady we şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi. Ol şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Ýaponiýa eden saparynyň iki ýurduň gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm ädim bolandygyny belledi.
Maslahatyň dowamynda Ýaponiýanyň Adalat ministri Keisuke Suzuki, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Toshiaki Endo we Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Bäýramow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda iki ýurduň arasynda ykdysady, medeni we diplomatik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar.
Çäräniň çäklerinde türkmen edebiýatynyň hem-de milli medeni gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň