Oýun sanawy


Aragatnaşykçylaryň we awiasiýa işgärleriniň arasynda Milli Bahar baýramy mynasybetli bäsleşik geçirildi
20 Mart. 14:21Milli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Aragatnaşyk ministrligi hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen bilelikde guramagynda pudagyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda “Hünärim bar – hormatym bar” atly bäsleşik geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda bahar paslynyň gelmegini dabaralandyrmak we zenanlaryň zähmetde hem-de döredijilikde gazanan üstünliklerini aýdyň ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygaryny öz çykyşlarynyň özeni edip saýlap aldylar. Gelin-gyzlar goşgy setirleriniň üsti bilen öz hünärlerini we ýerine ýetirýän jogapkärli işlerini tanyşdyrdylar. Şeýle-de olar özboluşly sahna eserleri, joşgunly aýdymlar we milli tagamlary taýýarlamak boýunça ussatlyklaryny görkezip, bäsleşigiň şüweleňli geçmegini üpjün etdiler.
Aýratyn bellenilmeli tarapy, gelin-gyzlar döwrebap biçüwdäki milli lybaslaryň sergisini hem guraldy. Dürli nagyşlar we şaý-sepler bilen bezelen bu lybaslar türkmen zenanlarynyň nepislik hem-de gözellik dünýäsini açyp görkezdi. Iki tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň birinji tapgyry edara-kärhanalaryň içinde geçirilip, iň ökde alty sany gatnaşyjy final tapgyrynda bäsleşmäge hukuk gazandy.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler topary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem çärä gatnaşan beýleki gelin-gyzlar hem guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bu baýramçylyk bäsleşigi pudakda zähmet çekýän zenanlaryň ruhuny has-da göterip, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.
Şeýle hem okanyň


Öte gyzgyn çaý we kofe içmek gyzylödek düwnüginiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar
Bugün 09:10Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň 14 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerip geçiren barlaglaryna görä, örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentligi tarapyndan 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn diýlip klassifikasiýa edilýär. Günde alty we ondan köp çüýşeli şeýle içgileri kabul etmek gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň ýüze çykmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar.
Barlagyň awtorlarynyň biri, iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen Keren Papýe adamlaryň köplenç içgileri 50–60°C temperaturada içýändigini we içgini içmek oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onuň biraz sowamagyna garaşmalydygyny maslahat berýär. Şeýle hem ol gyzgyn içgilerden başga-da çilim çekmegiň, alkogol kabul etmegiň we semizligiň gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.