Oýun sanawy


Türkmen kinorežissýorynyň ekologiýa mowzugyndaky işi halkara derejesinde ýokary baha mynasyp boldy
26 Aprel. 11:19Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen «Astana Eco Film Festival» halkara festiwalynda Türkmenistanyň kinematografiýaçylarynyň täze döredijilik işi uly üstünlik gazandy. Režissýor Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi tomaşaçylaryň iň uly gyzyklanmasyny gazanan eser hökmünde ýörite baýrak bilen sylaglandyryldy. Bu abraýly çäre «RES 2026 EXPO» halkara sergisiniň medeni maksatnamasynyň möhüm bölegine öwrüldi.
«Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen bu taslama türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan suw medeniýetine bagyşlanýar. Filmde taryhyň dürli döwürlerinde, hususan-da bürünç eýýamyndan başlap, şu günki güne çenli suw serişdelerini aýawly saklamagyň we netijeli ulanmagyň özboluşly milli ýörelgeleri çeper beýan edilýär. Eseriň esasy mazmuny tebigat bilen ynsanyň sazlaşygyny görkezmäge gönükdirilendir.
Festiwalyň sylaglamak dabarasyna gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýeti bu baýragyň türkmen kinosynyň halkara derejesindäki abraýynyň subutnamasydygyny belledi. Çäräniň çäklerinde sebitdäki beýleki ýurtlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň kino ussatlarynyň işleri hem görkezildi. Bu bolsa ekologiýa meselelerini sungat arkaly beýan etmekde sebitara hyzmatdaşlygyň durnukly ösýändigini aňladýar.
Kino forumynyň dowamynda diňe bir döredijilik işlerine baha berilmän, eýsem hünärmenleriň arasynda Aral meselesi we suw tygşytlylygy boýunça ylmy-amaly pikir alyşmalar hem boldy. Gatnaşyjylar häzirki zaman ekologiýa kynçylyklaryny çözmekde döwrebap tehnologiýalar bilen bir hatarda, gadymy tejribeleriň hem ähmiýetlidigini nygtadylar. Bu halkara ýeňiş türkmen dokumentalistikasynyň dünýä medeniýetine goşýan goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.