Oýun sanawy


Türkmen dizaýneri Astanada geçiriljek ekologiýa forumynda täzeçe lybaslar toplumyny görkezer
08 Aprel. 14:32Türkmen dizaýneri Leýli Haýydowa durnukly moda dünýäsinde möhüm waka öwrüljek «Green Runway Fashion Show» atly ilkinji halkara ekologiki moda görkezilişine gatnaşar. 23-nji aprelde Astanada geçiriljek bu çäre «RES 2026 EXPO» atly halkara ekologiýa tehnologiýalary sergisiniň çäklerinde guralýar. Taslamanyň esasy maksady döredijilik wekilleleriniň we ekologlaryň tagallalaryny birleşdirip, tebigaty goramak hem-de serişdeleri tygşytly ulanmak baradaky düşünjeleri wagyz etmekden ybaratdyr.
Moda görkezilişi Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň iň tanalýan dizaýnerlerini bir ýere jemlär. Türkmenistanyň wekili bilen bir hatarda, Gyrgyzystandan Tatýana Worotnikowa, Azerbaýjandan Gülnara Halilowa, Özbegistandan Ýelena Ladik ýaly ussatlar öz işlerini hödürlärler. Her bir gatnaşyjy üç sany esasy ugur boýunça 10–12 lybasdan ybarat toplumy taýýarlar: «Eco-Heritage» (milli miras we tebigy matalar), «Upcycling & Recycling» (gaýtadan işlenen materiallar) we «Bio-Design» (tebigy nagyşlar we biodürlülik).
Leýli Haýydowanyň toplumynda «apsaýkling» tehnikasyna, ýagny ulanylan materiallara täze durmuş bermek arkaly döredilen ýokary hilli egin-eşiklere aýratyn orun berler. Şeýle hem, «Bio-Design» ugry arkaly dizaýnerler seýrek duş gelýän ösümlikleriň we «Gyzyl kitaba» giren görnüşleriň keşplerini janlandyryp, ekologiýa meselelerine ünsi çekerler. Sahna bezegi üçin janly ösümlikleriň ulanylmagy görkezilişiň «janly giňişlik» täsirini has-da güýçlendirer.
Bu çäräniň guralýan meýdançasy bolan «RES 2026 EXPO» sergisi Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe süren başlangyjy esasynda amala aşyrylýar. 22–24-nji aprel aralygynda geçiriljek sergä dünýäniň 30 ýurdundan 300-e golaý kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmen dizaýneriniň şeýle uly göwrümli çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara ekologiýa maksatnamalaryna ygrarlydygyny we dizaýn ulgamyny döwrebap ýörelgeler esasynda ösdürýändigini görkezýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.