Oýun sanawy


Ýewropadaky jokrama yssy: köçe çyralary ereýär we Monblanyň buzluklary rekord derejede eräp başlady
29 Iýun. 18:07Günbatar Ýewropa sebitinde emele gelen we taryhda görülmedik jokrama yssy howa halk köpçüliginiň ýaşaýyş şertlerine hem-de şäher üpjünçilik ulgamlaryna uly ziyan ýetirýär. Ýewropaly internet ulanyjylary tarapyndan paýlaşylýan wideolarda adamlaryň yssynyň täsiri bilen hatda penjiräniň öňünde ýumurtga gowurýandyklaryny görmek bolýar. Parižiň merkezindäki taryhy öýleriň köpüsinde sowadyjy (kondisioner) ulgamlarynyň ýoklugy sebäpli, ilat wagtlaýynça myhmanhanalara göçmäge mejbur bolýar. «MIR 24» habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Fransiýanyň paýtagtynda yssy howa sebäpli ýürek kesellerinden ejir çekýänleriň we aradan çykýanlaryň sany ortaça görkezijilerden 2,5 esse artdy, hassahanalar bolsa näsaglardan doldy.
Häzirki wagtda Ispaniýada, Italiýada we Germaniýada howanyň temperaturasy 40°C-dan geçdi. Şäherleriň köçelerindäki ýol yşyklarynyň (swetoforlaryň) we beýleki köçe enjamlarynyň plastik gurluşlary erep başlady, sebäbi bu tehnikalar beýle aşa gyzgyn howa şertlerine niýetlenip gurulmady. Sinoptikler tiz wagtda täze bir yssy howa tolkunynyň geljekdigini duýdurýarlar.
Bu adatdan daşary gyzgynlyk tebigata, aýratyn-da alp daglarynyň ekologik ýagdaýyna uly zarba urdy. Günbatar Ýewropanyň iň belent nokady bolan 4800 metrlik Monblan dagynyň buzluklary taryhy we rekord derejede eräp başlady. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu dag soňky 10 ýylyň içinde eýýäm iki metr kiçeldi. Meteorologlar şu ýylky dowam edýän yssy tolkunlaryň Monblan dagyndaky taryhy buzluklaryň ýitip gitmek we eremek prosesini has-da çaltlandyrjakdygyny çaklaýarlar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.