Oýun sanawy

Meşhur žurnalist Taker Karlson mundan beýläk Respublikaçylar partiýasyny goldamaýandygyny mälim etdi

24 Iýun. 09:01

Çeşme

Amerikaly tanymal žurnalist we telebaryjy Taker Karlson internet arkaly ýaýradylýan meşhur podkastlaryň birinde çykyş edip, özüniň syýasy garaýyşlarynyň düýpli üýtgedigini yglan etdi. Öňki ýyllarda ABŞ-nyň Respublikaçylar partiýasynyň we ozalky Prezident Donald Trampyň iň esasy tarapdarlarynyň biri hökmünde tanalan žurnalist mundan beýläk bu syýasy güýji hiç bir şertde goldajak däldigini aýtdy. Karlson bütin ömrüne respublikaçylaryň tarapyny tutup gelendigini, emma häzirki wagtda geljekde nähili syýasy ädim ätjekdigi barada anyk karara gelip bilmeýändigini aýratyn belledi.

Mundan başga-da, «Fox News» teleýaýlymyndaky çykyşlary arkaly dünýä we ýurt jemgyýetçiliginde uly meşhurlyk gazanan syýasy synçy häzirki wagtda özüniň daşary syýasat meseleleri baradaky garaýyşlarynyň hem partiýanyň resmi ugurlary bilen doly çapraz gelýändigini mälim etdi. Ol öz çykyşynyň dowamynda ozal Donald Trampyň käbir syýasy ädimlerini we durmuşa geçiren taslamalaryny işjeň goldandygy üçin jemgyýetçilik öňünde ötünç sorady.

Žurnalistiň bu garaşylmadyk radikal yglan etmesi ABŞ-nyň syýasy we media giňişliginde uly seslenme döretdi. Bilermenler Karlsonyň bu täze kararynyň ýurtda öňden bäri dowam edip gelýän adaty iki partiýaly syýasy ulgama bolan garaýşyň we jemgyýetçilik pikiriniň üýtgemegine belli bir derejede täsir edip biljekdigini çeňleýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌