Oýun sanawy


Buharada «Kiçijik Türkmenistan» medeni-syýahatçylyk toplumy dörediler
07 Awgust. 16:25Özbegistanyň taryhy Buhara şäherinde goňşy ýurduň däp-dessurlary, milli senetçiligi, taryhy we medeni mirasy bilen gaýybana tanyşmaga mümkinçilik berjek «Kiçijik Türkmenistan» medeni-syýahatçylyk toplumyny döretmek meýilleşdirilýär. Uza.uz habar portalynyň ýaýradan maglumatlaryna görä, bu täze taslama myhmanlara Türkmenistanyň özboluşly milli ýaşaýyş gurşawyna we baý medeniýetine aralaşmaga şert döredýän etno-medeni giňişlik hökmünde göz öňünde tutulýar.
Halkara taslamanyň çäklerindäki ilkinji duşuşyk Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň, Türkiýäniň Finwest Finance Company maýa goýum kompaniýasynyň, Ýewraziýanyň ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň birleşiginiň hem-de türkmen halylaryny öndürmek bilen meşgullanýan «SD Turkmen Haly» bilelikdäki özbek-türkmen kärhanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşykda taraplar кеlejekki toplumyň binýatlyk ugurlaryny maslahatlaşdylar.
Toplumyň esasy maksady diňe bir milli senetçilik däplerini we amaly-haşam sungatynyň ekspozisiýalaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem gelen myhmanlara Türkmenistanyň medeni we ruhy ýörelgelerini doly duýmaga mümkinçilik döretmekden ybaratdyr.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin Buhara şäheriniň saýlanyp аlynmagy tötänleýin däl. Taryhy ýadygärlikleri bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu şäher Özbegistanyň iň gelim-gidimli syýahatçylyk merkezleriniň biri bolup, her ýyl ýüzlerçe müň daşary ýurtly syýahatçyny kabul edýär. Mundan başga-da, Buharany we Türkmenistany Beýik Ýüpek ýolunyň asyrlarboýy dowam eden söwda ýollary, umumy taryh we ýakyn medeni gatnaşyklar berkbaglanyşdyrýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.