Oýun sanawy


Türkmenistan we UNIDO durnukly senagat ösüşiniň täze ugurlaryny kesgitlediler
13 Aprel. 04:31Awstriýa Respublikasyna amala aşyrylan resmi saparyň çäginde Türkmenistanyň belent mertebeli wekiliýeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) ýolbaşçylary geljekki hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny we «ýaşyl» çözgütleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar durnukly senagat düzümini döretmekde özara tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtadylar.
Hyzmatdaşlygyň amaly ädimi hökmünde 2026–2030-njy ýyllar üçin niýetlenen ýörite «Ýol kartasyny» taýýarlamak teklip edildi. Bu resminama senagat pudagynyň ekologik taýdan arassa we durnukly ösmegine, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda innowasion lukmançylyk klasterini döretmek we dokma senagatynda täze taslamalary amala aşyrmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy.
Gepleşikleriň dowamynda sebit derejesindäki ekologiýa meseleleri, şol sanda Merkezi Aziýada howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlara seredildi. Türkmenistan serhetüsti suw serişdelerini aýawly ulanmak we Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak ugrundaky başlangyçlarynyň halkara derejesinde goldanylmagyna uly ähmiýet berýär. UNIDO-nyň ýolbaşçylygy Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyk çärelerine ýokary baha berdi.
Taraplar özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ykdysady görkezijileri ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm guralla öwrüljekdigini bellediler. Täze ylalaşyklar senagat kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmaga we täze «akylly» şäherleriň gurluşygynda öňdebaryjy tejribeleri ulanmaga giň ýol açar. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy senagat we ekologiýa ülňülerine goşulyşmagyny tizleşdirer.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.