Oýun sanawy


Hormatly Prezidentimiziň adyndan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna döwrebap awtoulaglar gowşuryldy
28 Ýan. 08:41Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň adyndan harby we hukuk goraýjy edaralara köp sanly döwrebap awtoulaglar gowşuryldy.
Baýramçylyk ruhuna beslenen dabara harby gullukçylaryň ruhubelentligini ýokarlandyryp, Watanyň howpsuzlygyny üpjün edýän edaralara döwlet derejesinde berilýän ünsüň aýdyň beýany boldy. Bu waka Türkmenistanyň harby ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrýar. Täze tehnologiýalaryň we häzirki zaman ulag serişdeleriniň ornaşdyrylmagy harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny we Watana bolan söýgüsini has-da pugtalandyrýar.
Täze awtoulaglary baýramçylyk sowgady hökmünde kabul eden harby gullukçylar Watan goragçylary babatda edýän çäksiz aladalary üçin Türkmenistanyň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden sagbolsun beýan etdiler.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň