Oýun sanawy

BMG dünýäniň demografik ýagdaýy baradaky täze hasabatyny çap etdi

17 Mart. 11:23

Çeşme

Birleşen Milletler Guramasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan demografik çaklamalary dünýäniň dürli sebitlerinde ilatyň ortaça ýaşynyň düýpli tapawutlanýandygyny ýüze çykardy. Hasabata görä, Ýewropa iň garry sebit hasaplanyp, bu ýerde ortaça ýaş 43,1-e deňdir. Bu görkeziji sebitiň pensiýa we saglygy goraýyş ulgamlaryna düşýän agramyň artýandygyny, şeýle hem işe ukyply ilatyň sanynyň azalýandygyny görkezýär. Italiýa, Germaniýa we Ispaniýa ýaly ýurtlarda bu ýagdaý has aýdyň ýüze çykýar.

Demirgazyk Amerika (38,9 ýaş) we Okeaniýa (33,6 ýaş) sebitleri hem ortaça ýaşyň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Emma Demirgazyk Amerikada immigrasiýa akymlary we dogluşyň degişli derejede saklanmagy ilatyň garramak prosesini Ýewropa bilen deňeşdirilende birneme haýalladýar. Aziýa sebitinde ortaça ýaş 32,8 ýaş diýlip bellenilse-de, sebitiň içinde uly tapawutlar bar: Ýaponiýa we Günorta Koreýa çalt garraýan bolsa, Günorta Aziýanyň käbir ýurtlarynda ýaş ilatyň paýy ýokarydyr.

Afrika kontineneti 19,5 ortaça ýaş bilen dünýäniň iň ýaş sebiti bolmagynda galýar. Bu ýagdaý sebitde dogluşyň ýokary derejesi we ilatyň sanynyň çalt ösmegi bilen şertlendirilendir. Geljekki onýyllyklarda Afrikanyň işe ukyply ilatynyň sanynyň ep-esli artmagyna garaşylýar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu ýagdaý bilim we ykdysadyýet ulgamlaryna dogry maýa goýumlary goýlan ýagdaýynda, sebit üçin uly ykdysady mümkinçilikleri açyp biler. 

Umuman alanyňda, BMG-niň bu maglumatlary global demografiýanyň geljekki ugruny kesgitleýär. Ösen ýurtlarda ilatyň garramagy sosial-ykdysady özgertmeleri talap edýän bolsa, ösüp barýan sebitlerde, esasan hem Afrikada, ýaş işçi güýjüni netijeli ulanmak meselesi öňe çykýar. Bu demografik tapawutlar global zähmet bazaryna we halkara ykdysady gatnaşyklaryna geljekde öz täsirini ýetirer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌