Oýun sanawy


Ýabany guş halasgärine dürli tapyndylar bilen minnetdarlyk bildirýär
01 Iýun. 08:49Kanadanyň Wankuwer şäherinde ýaşaýan Lia Uilson atly zenan ýerli ýaşaýjylaryň ünsüni çeken täsin tebigy waka bilen ýüzbe-yüz boldy. Ol heläkçilige uçran ýaraly guşa öz wagtynda kömek berip, ony ölümden halas etmegi başardy. Bu asylly hereketden soňra, ýabany guşlar tarapyndan zenana garaşylmadyk we özboluşly minnetdarlyk nyşanlary görkezilip başlandy. Halkara habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bu waka janly tebigat bilen ynsanyň arasyndaky täsin baglanyşygy aýdyň görkezýär.
Waka Lia Uilsonyň jaýlaryň golaýynda guşlaryň adaty bolmadyk tolgunyşygyny we aýlanyşyp ýörşüni görmegi bilen başlandy. Ýagdaýy barlap gören zenan ýangyn söndüriş gullugynyň işgärlerini kömege çagyrdy we olaryň kömegi bilen binanyň ýokary böleginde kyn ýagdaýa düşen gargany asynlylyk bilen aşak düşürdi. Halas edilen guş derrew ýabany haýwanlary goramak we dikeltmek boýunça ýöriteleşdirilen merkeze ýetirildi we ol ýerde zerur bolan kömekler berildi.
Guş sagalyp, tebigata goýberileninden soňra, garaşylmadyk täsinlikler ýüze çykyp başlady. Zenan daşaryk gezelenje çykan wagty, asmandan onuň öňüne ilki bilen çugdamlanan guş ýelekleri, soňra bolsa dürli çöpjagazlar, ýüň bölejikleri, hatda kiçijik guş höwürtgesi ýaly «sowgatlar» taşlanyp başlandy. Bu ýagdaý yzygiderli gaýtalanyp, guşlaryň amala aşyran ýagşylyga özboluşly jogaby hökmünde taryha girdi.
Häzirki wagtda zenan her gezek köçä çykanda, asmandan uçup gelýän guşlar ony hemme ýerde diýen ýaly yzygiderli ugradýarlar. Lia özüniň halas eden dostuny aýagyndaky ýörite bellik halkasyndan dessine tanaýar. Bu täsin waka tebigatyň we haýwanat dünýäsiniň hem özüne edilýän ýagşylyga örän duýgurdygynyň taryhy subutnamalarynyň birine öwrüldi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.