Oýun sanawy


Sem Altman emeli aň eýýamynda durmuş üpjünçiliginiň täze modelini teklip edýär
06 Maý. 14:51OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösmegi netijesinde geljekde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän ählumumy esasy girdeji (UBI) baradaky garaýyşlaryny üýtgetdi. Mundan ozal raýatlara döwlet tarapyndan yzygiderli berilýän nagt pul tölegleriniň netijelidigine ynanan telekeçi, indi bu modeliniň häzirki zaman ykdysady kynçylyklaryny çözmekde ejiz geljekdigini belleýär. Altmanyň pikiriçe, emeli aňyň zähmet bazaryna edýän täsiri has çuňňur we ulgamlaýyn üýtgeşmeleri talap edýär.
Altmanyň garaýyşlarynyň üýtgemegine 2019-njy ýylda başlanan we 14 million dollar maýa goýlan ylmy barlagyň netijeleri sebäp boldy. Şol taslamanyň çäklerinde pes girdejili raýatlara üç ýylyň dowamynda aýda 1000 dollar möçberinde goldaw berildi. Emma barlagyň netijeleri nagt pul kömeginiň adamlaryň fiziki we ruhy saglygyna, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline garaşylan derejede oňyn täsir etmändigini ýüze çykardy, bu bolsa diňe pul bermek strategiýasynyň ýetersizdigini subut etdi.
Täze ykdysady başlangyç hökmünde Altman "Jemgyýetçilik abadançylygy gaznasyny" döretmegi we raýatlara tehnologik ösüşden gelýän peýdanyň paýyny bermegi teklip edýär. Bu modelde adamlar diňe bir passiw girdeji alman, eýsem emeli aňyň döredýän gymmatlyklaryna umumy eýeçilik hukugyna hem eýe bolarlar. Mundan başga-da, raýatlara hasaplama serişdelerine (kompýuter kuwwatyna) hukuk bermek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylýar, bu bolsa şol serişdeleri satmak ýa-da şahsy maksatlar üçin ulanmak mümkinçiligini döreder.
OpenAI-yň ýolbaşçysy geljekde esasy meselesiniň sanly deňsizligiň öňüni almakdan ybaratdygyny nygtaýar. Onuň sözlerine görä, emeli aňyň mümkinçilikleriniň diňe belli bir baý gatlagyň elinde jemlenmegi jemgyýetde uly bölünişige sebäp bolup biler. Şonuň üçin hem, tehnologiýanyň elýeterliligini hemmetaraplaýyn üpjün etmek we her bir adama täze ykdysady şertlerde öz ornuny tapmaga mümkinçilik bermek döwrüň esasy talaby bolup durýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.