Oýun sanawy


Şu hepdede Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň Hytaý Halk Respublikasyna boljak resmi sapary amala aşyrylar. Bu möhüm diplomatik çäre Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy esasynda guralýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çägindäki bu ýokary derejeli duşuşyk dünýä syýasatyndaky esasy wakalaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, saparyň möhleti 13-nji maýdan 15-nji maý aralygyny öz içine alýar. Üç günüň dowamynda iki ýurduň liderleriniň arasynda döwlet derejesinde gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. Bu sapar sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ugrunda taraplaryň strategik dialogynyň dowamy bolup hyzmat eder.
Gepleşikleriň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Diplomatik çeşmeler bu saparyň iki uly döwletiň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmek üçin täze mümkinçilikler açjakdygyny belleýärler. Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki häzirki ýagdaýlar maslahatlaşmalaryň özenini emele getirer.
Dünýä metbugaty bu taryhy saparyň netijelerine uly gyzyklanma bildirýär. Hytaýyň daşary syýasat edarasy saparyň jikme-jik meýilnamasynyň taýýardygyny we duşuşyklaryň netijeli boljakdygyna ynam bildirýändigini mälim etdi. Prezident Donald Trampyň Pekindäki üç günlük saparynyň netijeleri global syýasy we ykdysady ýagdaýlara öz täsirini ýetirer.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.