Oýun sanawy


3–4-nji oktýabrda Aşgabatda Koreýa medeniýetiniň festiwaly geçiriler
24 Sen. 08:00Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary 3–4-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Koreýa medeniýet festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar. Çäräni Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy guramaçylyk edýär.
Ilçihananyň maglumatyna görä, bu çäre iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
3-nji oktýabrda, sagat 17:00-da, «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde koreý medeniýetine bagyşlanan çäre geçiriler. Onda:
Hangeul elipbiýi bilen adyňy ýazmagy öwredýän kaligrafiýa sapaklary,
Koreý halk lybasy bolan hanbogy geýip görmek mümkinçiligi,
«Koreýa syýahaty» atly fotosurat zolagy,
ýurduň medeni mirasyny görkezýän sergiler bolar.
4-nji oktýabrda, sagat 19:00-da, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda konsert guralar. Onda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş ederler:
tenor jenap Kwon Hwapýong we metso-soprano hanym Kwon Minji.
Ähli çäreler üçin giriş mugt.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň