Oýun sanawy


Türkmenistanyň ähli sebitlerinde bilim, saglygy goraýyş we infrastruktura gurluşygy dowam edýär
20 Sen. 10:31Aşgabatda we welaýatlarda bilim, saglygy goraýyş hem-de infrastruktura ugurlary boýunça täze binalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.
Aşgabatda Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk instituty üçin täze binalar gurulýar. Türkmenabatda Seyitnazar Seýdiniň adyndaky döwlet pedagogik instituty üçin täze bina gurluşyk astynda. Şeýle hem halkara onkologiýa we pediatriýa merkezleri, stomatologiýa klinikalary hem-de “Arçman” şypahanasynyň 400 orunlyk goşmaça binasy gurulýar.
Halk Maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow täze gurluşyk taslamalarynyň başlanjakdygyny aýtdy. Olaryň arasynda — Myrat Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly klinikasy, Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebiniň täze binalary, Aşgabatda we Tejende köptaraplaýyn hassahanalar, Maryň, Balkan welaýatynyň hem-de Lebap welaýatynyň onkologiýa merkezleri, şeýle hem Daşoguzda ene-çaga saglygyny goraýyş merkezi bar.
Şeýle-de, strategik ähmiýetli ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Gara-bogaz kölüniň üstünden geçýän täze köpri gurulýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, şol sanda Mary — Türkmenabat böleginiň açylyşy ýakyn wagtda bolar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň