Oýun sanawy


Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň möçberi 9 million dollardan geçdi
16 Mart. 10:38Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçiren söwdalarynda işewürlik işjeňligi ýokary derejede saklandy. Birža maglumatlaryna görä, hepdelik söwdalaryň dowamynda 34 sany geleşik hasaba alnyp, olaryň umumy bahasy 9 million amerikan dollaryndan hem ýokary boldy. Bu görkezijiler ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň dünýä bazarynda uly gyzyklanma döredýändigini tassyklaýar.
Daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda nebit-himiýa önümleri esasy orny eýeledi. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň öndüren polipropilenini hem-de binýatlyk ýaglaryny satyn aldylar. Bu önümler halkara bazarlarynda ýokary hil görkezijileri bilen tapawutlanýan harytlar hökmünde berk ornuny saklaýar.
Şeýle hem, eksport söwdalarynda dokma we ýeňil senagat önümleri hem-de oba hojalyk harytlaryna bolan isleg ýokary boldy. BAE, Türkiýe, Estoniýa we Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň telekeçileri tarapyndan jins önümleri, nah ýüplükler, dürli görnüşli matalar, dikeldilen süýüm, garaköli ýüň we bugdaý uny ýaly önümler satyn alyndy. Bu dürlülik türkmen harytlarynyň hiliniň we bäsdeşlige ukyplylygynyň artýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzyň içerki bazarynda hem telekeçiler tarapyndan uly möçberde geleşikler amala aşyryldy. Ýerli işewürler «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerinden polipropilen, binýatlyk ýagy, tehniki kükürt, şeýle hem ýüpek we nah matalary, boýalan tüýjümek matalary hem-de bugdaý ununy satyn aldylar. Bu geleşikleriň umumy bahasy 229 million 413 müň manatdan geçip, ýurdumyzyň içinde öndürilýän önümlere bolan islegiň durnuklydygyny subut edýär.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.