Oýun sanawy


Türkmenistanyň Mejlisinde ýanwar — mart aýlarynyň işleriniň jemleri jemlendi
07 Aprel. 04:37Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde amala aşyrylan kanunçylyk işleriniň netijelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda ýurduň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda bitirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek we ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça öňde durýan anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabat döwründe döredilen iş toparlary ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen täze kanun taslamalarynyň üstünde işlediler. Esasy üns önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmäge, kärhanalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny döwrebaplaşdyrmaga berildi. Bu resminamalar ýurdumyzda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek we ykdysady gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmek üçin niýetlenendir.
Şeýle hem maslahatda ekologiýa meselelerine, hususan-da, daşky gurşawy we suwuň biologik serişdelerini goramaga degişli kanunçylyk taslamalaryna seredildi. Gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy, bu bolsa ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny has-da berkider. Şol bir wagtda, tebigy serişdeleri netijeli ulanmagyň täze hukuk kadalaryny girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada bellenilip geçildi.
Maslahatyň barşynda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň netijelerine we guramaçylyk derejesine ýokary baha berildi. Merkezi saýlaw topary we jemgyýetçilik guramalary bilen geçirilen işleriň netijesinde syýasy çäräniň aýdyňlygy we demokratik esaslara laýyklygy üpjün edildi. Mundan başga-da, dünýä ýurtlarynyň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti barada durlup geçildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.