Oýun sanawy


BAE-niň golaý ýyllarda Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmak meýillemesi — ilçiniň beýanaty
03 Dek. 06:55Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinip, ýakyn ýyllarda özara söwda möçberini iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Hamali «Neýtral Türkmenistan» gazetine döwlet baýramy — Döwlet döredijilik güni mynasybetli taýýarlan makalasynda ýazdy.
Ilçiniň bellemegine görä, 2024-nji ýylda iki ýurduň neft bilen bagly bolmadyk söwda dolanyşygy 1,759 milliard dollara ýetip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 75% ösdi. Ol Emirlikleriň geljekde hem söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ygrarlydygyny nygtady.
Al-Hamali BAE-niň 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistanyň iň iri üç söwda hyzmatdaşynyň biri bolup galýandygyny hem aýtdy. Ol, aýratyn hem, energetika ulgamyndaky özara işlemegiň güýçlenýändigini, şeýle-de ADNOC kompaniýasynyň türkmen bazaryna girişini aýratyn belledi.
Diplomat şeýle hem 2024-nji ýylyň maý aýynda Hazar deňziniň №1 blokyndaky gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça önümi paýlaşmak şertnamasynyň XRG (ADNOC-yň maýa goýum şahamçasy), Petronas we Türkmenistanyň döwlet kärhanalarynyň arasynda baglaşylandygyny ýatlatdy. Şeýle hem uzak möhletleýin gaz üpjünçiligi baradaky ylalaşyk hem döredildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň