Oýun sanawy
Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamyna uly täzelenme girizip, täze nesil emeli intellekt kömekçisi — Copilot-y hödürledi. Indi ulanyjy kompýuteri açarsyz we syçanjyksyz dolandyryp biler.
Copilot ses arkaly — “Eý, Copilot” diýen buýruk bilen işjeňleşýär we ulanyjynyň tebigy dilde aýdanlaryna düşünýär. Ulgama ornaşdyrylan Vision tehnologiýasy arkaly Copilot ekrandaky bolup geçýän zatlary “görýär”, düşündiriş berýär, maslahat berýär, tekst döredýär, sahypalary süýşürýär we islenilen wideo mazmuny saýlap berýär.
Copilot Actions funksiýasy arkaly indi iş stolundan çykmazdan restoran stoluny bronlap bolýar, nahar sargyt etmek ýa-da gündelik işleriňizi dolandyrmak mümkin.
Oýun oýnaýanlar üçin bolsa Gaming Copilot atly aýratyn kömekçi Xbox goşundysynda ýerleşdirildi. Ol oýun wagtynda maslahat berýär, strategiýa teklip edýär we ulanyja şahsy oýun analitigi ýaly hyzmat edýär.
Microsoft bu täzelenmäniň kompýuter bilen aragatnaşygy täze derejä çykaryp, gündelik işde we dynç alyşda täze mümkinçilikler döredýändigini nygtaýar — indi klawiatura ýa-da syçanjyk bilen çäklenmek zerur däl.
Şeýle hem okanyň


Resmi Apple dükanynda öňki nesil iPhone modelleriniň bahalary ýokarlandy
10 Sen. 15:35Apple kompaniýasy täze iPhone 18 Pro we iPhone Duo modellerini tanyşdyrandan soňra, özüniň resmi onlaýn-dükanynda öňki nesil smartfonlarynyň bahalaryny täzeledi. Dünýä bazarynda täze flagmanlaryň 100 dollar gymmatlamagy sebäpli, öň çykarylan smartfonlaryň bahalary hem deň derejede ýokarlandyryldy.
Täzelenen nyrhlara görä, iPhone 17e modeliniň bahasy 699 dollara, iPhone 16 bosa 799 dollara ýetdi. Şeýle hem iPhone 17 smartfony 899 dollardan, iPhone Air modeli bolsa 1099 dollardan satlyga hödürlenip başlandy. Adatça bolşy ýaly, kompaniýa öňki flagmanlary bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modellerini resmi dükandan aýyrdy.
Nyrhlaryň bu görnüşde ýokarlanmagy barada bilermenler hem-de Apple kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Tim Kuk tarapyndan öňümizdäki aýlarda duýdurylypdy. Elektronika önümleriniň gymmatlamagyna emeli aň maglumat merkezleriniň artýan zerurlyklary sebäpli dörän ýat çipleriniň ýetmezçiligi esasy sebäp hökmünde görkezilýär.
Şeýle hem okanyň