Oýun sanawy

Türkmen žurnalistleri ABŞ-da emeli aň tehnologiýalaryny öwrenýärler

12 Maý. 06:58

Çeşme

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan hünärmenler topary iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu saparyň esasy maksady häzirki zaman media giňişliginde iň täze tehnologiýalary, aýratyn-da, emeli aňyň mümkinçiliklerini öwrenmekden ybaratdyr. Wekiliýetiň düzüminde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, TDH-nyň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işgärleri bar.

Bir aýyň dowamynda türkmen hünärmenleri amerikaly kärdeşleriniň tejribesi bilen ýakyndan tanyşarlar. Olar žurnalistika işinde maglumatlary işläp taýýarlamak, täzelikleri seljermek we kontent döretmekde emeli aň strategiýalarynyň nähili ulanylýandygyny öwrenerler. Bu bolsa ýurdumyzyň media edaralarynyň maddy-tehniki we hünär binýadyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.

Häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň KHBS ulgamyna ýetirýän täsirini seljermek saparyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gatnaşyjylar täze gurallary ulanmak arkaly işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň we döwrebap meseleleri çözmegiň ýollaryny özleşdirerler. Emeli aňyň media pudagyndaky amaly ulanylyşy boýunça geçiriljek okuwlar hünär derejesini täze basgançaga çykarar.

Bu halkara bilim taslamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldawy esasynda Missisipi halkara ösüş konsorsiumy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Şeýle tejribe alyşmalary halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we türkmen metbugatynyň dünýäniň öňdebaryjy standartlaryna laýyklykda ösmegine uly goşant goşýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌