Oýun sanawy

«Tebigat üçin üç ýyl»: «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň dabarasyndan reportaž

03 Okt. 12:12

3-nji oktýabrda Aşgabatda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň 3 ýyllyk baýramçylygy giňden bellenildi. Dabaranyň dowamynda ýaşlaryň şowhunly çykyşlary, tebigaty goramaga bagyşlanan sergiler we döredijilik çykyşlary baýramçylygyň ruhuny has-da artdyrdy.

 

2022-nji ýylda döredilen gurama şu gysga wagtda uly üstünlik gazandy. Häzirki wagtda onuň agzalarynyň sany 70 müňe golaý bolup, olaryň arasynda hünärmenler, talyplar we tebigata aýratyn söýgi bilen garaýan raýatlar bar.

 

Gurama ýolbaşçylyk edýän Leýli Şyhmadowa dabarada çykyş edip, şeýle diýdi:

 

«Biziň esasy maksadymyz — ýaş nesillerde tebigata bolan jogapkärçilikli garaýşy kemala getirmekdir. 3 ýylyň dowamynda biz onlarça çäreleri, okuw-seminarlary, döredijilik bäsleşiklerini geçirdik, müňlerçe bag nahallaryny oturtdyk. Bularyň ählisi ýurdumyzy ekologiýa taýdan arassa geljege alyp barýar».

 

Şu üç ýylyň dowamynda gurama tarapyndan 35 sany ekologiýa çäresi, 73 sany okuw-seminary, 17 sany bäsleşik gurnaldy. Mundan başga-da, ýurdumyzdaky goraghanalara gezelençler geçirildi we 30 müňe golaý bag nahallary oturdyldy.

 

Dabaranyň dowamynda «Watan» gazetiniň gatnaşmagynda geçirilen «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy.

 

Şeýle-de «Ýaş tebigatçy» halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde işjeň gatnaşýar. Gurama häzirki wagtda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), ÝUNISEF, ÝUNESKO, ÝUNFPA, CAREC ýaly iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

 

3 ýyllyk baýramçylyk — diňe bir üstünlikleriň jemlenmegi däl, eýsem täze başlangyçlaryň hem başy boldy.

















Wenesiýa kinofestiwalynda Ilon Mask barada täze dokumental film görkezildi

Bugün 06:58

Çeşme

Wenesiýa halkara kinofestiwalynda režissýor Alek Gibni tarapyndan düşürilen, telekeçi Ilon Maskyň ömri we işi baradaky dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bäsleşikden daşgary görkezilen we takmynan dört sagat dowam edýän bu kinofilmiň golaýda Toronto halkara kinofestiwalynda hem görkezilmegi, 16-njy oktýabrda bolsa dünýä kinoteatrlaryna çykarylmagy meýilleşdirilýär.

Filmi döredijiler tarapyndan köpçülige hödürlenen tizer-wideo rolikde milliarder barada dürli garşylykly pikirler beýan edilýär. Onda käbir hünärmenler Masky häzirki döwrüň beýik oýlap tapyjysy diýip atlandyrsa, beýlekiler ony hereketini öňünden çaklap bolmaýan, rehimsiz we egoist adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Tizer kosmos gämisiniň partlamagy we Maskyň «ýadro bombasy» bilen deňeşdirilmegi bilen tamamlanýar.

Tizerde Talking Heads toparynyň öňki solisti Dewid Birniň täze aýdymy ýaňlanýar. Kinoteatrlardaky resmi görkezilişleri tamamlanandan soňra, bu dokumental film HBO we Max striming platformalarynda tomaşaçylara hödürlener.