Oýun sanawy


Oskar baýragynyň dalaşgäri, britaniýaly meşhur aktýor Tom Hardi «Czarface» topary bilen bilelikde «Czarface Meets Frankie Pulitzer» atly ilkinji doly göwrümli rep albomyny köpçülige hödürledi. «The Rolling Stones» neşiriniň habar berşi ýaly, Hardi bu saz taslamasynda Frankie Pulitzer lakamyny ulandy. Hiphop ýazgylaryna Method Man we Busta Rhymes ýaly tanymal repçiler hem gatnaşdylar.
Hardi hip-hop sungaty bilen entek 1990-njy ýyllardan bäri gyzyklanyp gelýär we 1999-njy ýylda Tommy No 1 ady bilen miksteýp ýazdyrypdy. Öňräk hem «Czarface» bilen birnäçe aýdym çykaran aktýor indi rep sahnasynda düýpli orun almagy maksat edinýär. «Wenom», «Telbe Maks» we «Garaňky rysar» ýaly filmler arkaly dünýä belgil bolan Hardi bu gezek saz äleminde özüni görkezdi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.