Oýun sanawy


«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Aşgabatda birnäçe iri halkara lukmançylyk forumy geçiriler.
Şu çäreler meýilleşdirilýär:
Tirkidilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi,
Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty.
Bu maslahatlaryň maksady — saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmaga mümkinçilik döretmekdir.
Wise-premýer Bahargül Orazdurdyýewa taýýarlyklar barada maglumat berip, bu foruma daşary ýurtly we ýerli lukmanlaryň, alymlaryň, sport hünärmenleriniň, şeýle-de derman kärhanalarynyň, lukmançylyk enjamlaryny öndürijileriň we bilim tehnologiýa kompaniýalarynyň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagyny tabşyrdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň