Oýun sanawy


Aşgabatda fransuz fotosuratçysy Pol Nadaryň seýrek işleriniň taryhy sergisi öz işine başlar
10 Iýun. 06:0411 — 23-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen topragyna syýahat» diýlip atlandyrylýan täsin fotosergi guralar. Sungat söýüji tomaşaçylar meşhur fransuz suratçysy Pol Nadaryň mundan bir asyrdan hem gowrak wagt öň, ýagny 1890-njy ýylda düşüren seýrek suratlarynyň üsti bilen tanyş bilerler. Bu eserlerde XIX-XX asyrlaryň sepgidindäki Merkezi Aziýanyň durmuşynyň iň täsirli pursatlary we taryhy hakykatlary şöhlelendirilýär.
Taryhy ekspozisiýada sebitiň gaýtalanmajak medeni mirasyny we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýerli ýaşaýjylaryň portretleri, şeýle hem türkmen topraklarynyň owadan tebigy görnüşleri görkeziler. Görkeziljek her bir iş taryhy resminama hökmünde uly ähmiýete eýe bolup, ol ýewropalylaryň şol döwürdäki gündogar halklarynyň medeniyetine, däp-dessurlaryna we durmuşyna bolan gyzyklanmasyny aýdyn görkezýär.
Tehniki täzeliklere we uzak syýahatlara örän höwesjek bolan Pol Nadar (1856 — 1939) öz döwrüniň iň görnükli we zehinli fransuz suratçylarynyň biri hasaplanýar. Ol 1890-njy ýylda Daşkent şäherinde guralan birinji Halkara serginiň çäginde hem-de Hazararasy demir ýolunyň gurluşygy sebäpli Merkezi Aziýa sebitine taryhy syýahatyny amala aşyrypdyr. Onuň galdyran baý wizual mirasy ýewropa halklary üçin ozal näbelli bolan çäkleri açmaga mümkinçilik beripdi.
Bu ähmiýetli medeni taslama Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda, Fransuz instituty hem-de Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guralýar. Çäräniň ýokary derejede geçirilmegine Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi, Fransuz Merkezi Aziýany barlaglar instituty (IFEAC) we «Total Energies» kompaniýasy ýakyndan ýardam berdi. Sergi iki ýurduň arasyndaky dostlukly medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge hyzmat eder.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.