Oýun sanawy


Türkmenistanda şäherler we obalar üçin suwdan peýdalanmagyň täze gurluşyk kadalary tassyklandy
10 Awgust. 13:53Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň 2026-njy ýylyň 26-njy iýunyndaky buýrugy bilen «Suw üpjünçiligi. Daşarky ulgamlar we desgalar» atly TGK 2.04.02-2026 belgili täze gurluşyk kadalary tassyklanyldy. Suw üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny düzmegiň öňki düzgünleriniň ornuny tutan bu resminama 2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.
Täje kadalara mitap, hojalyk-agyz suwunyň bir adama düşýän ortaça gündelik sarp edilişi ýaşaýyş jaýlarynyň inženerçilik taýdan abadanlaşdyrylyş derejesine baglylykda bellenilýär:
Wannasy bolmadyk jaýlarda: bir adama günde 160–200 litr.
Wannasy we ýerli suw gyzdyryjysy bolan jaýlarda: günde 210–260 litr.
Merkezleşdirilen gyzgyn suw üpjünçilikli jaýlarda: günde 300–450 litr.
Köçe suw geçiriji sütünlerinden peýdalanýanlar üçin: günde 30–50 litr (suw serişdeleri ýetmezçilik edende bu görkeziji peseldilip bilner).
Baş meýilnamalary we etrap meýilleşdiriş çyzgytlaryny taýýarlamak üçin suw sarp edilişiniň iri ölçegli görkezijileri hem girizildi. Şäherler üçin gurluşygyň birinji tapgyrynda bir ýaşaýja günde 550 litr, hasaplaşyk möhleti üçin 600 litr suw göz öňünde tutuldy. Oba ýerlerinde bu görkezijiler degişlilikde günde 125 we 150 litr möçberinde kesgitlendi.
Resminama, şeýle hem ýangyn söndürmek üçin suw sarp edilişine, sanitariýa korag zolaklaryna, suwy arassalamak ham-da seýsmiki we çökýän topraklarda suw geçiriji desgalary gurmaga bildirilýän talaplary düzgünleşdirýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.