Oýun sanawy

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin ekologiýa boýunça okuw maslahatyny gurady

15 Iýun. 13:28

Çeşme

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan «Klimat bilen bagly herekede ählitaraplaýyn goşulyşmak we deň derejede gatnaşmak» atly iki günlük okuw maslahaty guraldy. Bu çäre sebitde daşky gurşawy dolandyrmak, howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlygy berkitmek taslamasynyň çäginde durmuşa geçirildi.

Okuwa Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýanyndaky institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Taslamanyň maksady ýaş nesliň ekologiýa we howanyň global üýtgemegi baradaky düşünjelerini giňeltmekden, şeýle hem olaryň seljerijilik we liderlik ukyplaryny ösdürmekden ybarat boldy. Halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda geçen okuwyň amaly böleginde talyplar ýörite simulýasiýa oýunlaryna goşulyp, howanyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça Ýaşlaryň kararnamasynyň taslamasyny taýýarladylar we ony goradylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌