Oýun sanawy

Türkmenistanyň inženerçilik ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Liwerpulda geçirilen CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşdylar

26 Iýun. 11:56

Çeşme

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri 22–25-nji iýun aralygynda Beýik Britaniýanyň Liwerpul uniwersitetinde geçirilen CDIO 2026-nyň 22-nji Halkara maslahatyna işjeň gatnaşdylar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýurduň wekiliýetiniň düzüminde uniwersitetiň Kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň uly mugallymy Yslam Orazow hem-de Ylmy-tehnologiýa merkeziniň müdiri Ahal Akgaýew dagylar bar boldy. CDIO (Conceive – Design – Implement – Operate, ýagny «Oýlap tapmak – Taslamak – Durmuşa geçirmek – Dolandyrmak») başlangyjy inženerçilik bilimini innowasion ulgamda kämilleşdirmäge gönükdirilen dünýä derejeli platformadyr. Bu ýylky foruma jemi 27 döwletden 71 uniwersitetiň 157 sany öňdebaryjy wekilleri ýygnandy.

«Talyplaryň hünär taýdan ösüşini kämilleşdirmek: bahalandyrmada we ikitaraplaýyn arabaglanyşykda innowasiýalar» diýen esasy mowzugyň çäginde, gatnaşyjylar inženerçilik bilimi ulgamynda bilimleri bahalandyrmagyň döwrebap innowasion usullaryny we hünär başarnyklaryny ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara çärede çykyş eden türkmen alymlary öz uniwersitetlerinde kiberfiziki ulgamlar, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri we inženerçilik bilimini halkara standartlara laýyk getirmek boýunça gazanylan tejribeler barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem olar CDIO akademiki ulgamyna girýän beýleki daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen guralan toparlaýyn işjeň mejlislere hem gatnaşyp, tejribe alyşdylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌