Oýun sanawy

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti 1-nji sentýabrda Aşgabatda açylar

30 Awgust. 08:37

Çeşme

Aşgabatda gurlan Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersiteti täze okuw ýylynyň ilkinji güni — Bilim we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda ulanmaga berler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş eden Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu ýokary okuw mekdebiniň ýurdumyzyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutany täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy gatnaşmaga çagyrdy.

Täze uniwersitetiň işe girizilmegi bilen, täze okuw ýylynyň başlanmagy dabaraly ýagdaýda belleniler. Şol gün Mary şäherinde Energetika institutynyň goşmaça okuw binasy hem açylar. Şeýle-de, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze mekdepler we çagalar baglary ulanmaga berler.

Bu çäreler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň okgunlylygyny görkezýär. 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3% ýetdi. Bu döwürde onlarça senagat we jemgyýetçilik maksatly desgalar gurluşygy tamamlanyp, ulanyşa berildi. Bu bolsa döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌