Oýun sanawy

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNI MYNASYBETLI DÜNÝÄ LIDERLERINDEN GUTLAGLAR

27 Sen. 10:32

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýäniň dürli döwletleriniň ýolbaşçylaryndan gutlaglary aldy.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin strategik hyzmatdaşlygy we «Bir ykbally jemgyýeti» döretmegi teklip etdi.
Wladimir Putin Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösýändigini belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny we garaşsyzlygyny goldaýandygyny aýtdy.
Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Eýran bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlyk bildirildi.
Fransiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Saud Arabystany, BAE, Ermenistan we Belarus ýurtlarynyň ýolbaşçylary hem gutlaglaryny iberdiler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌