Oýun sanawy


Magtymguly adyndaky TDU-da Türkmen-hytaý bilim hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
18 Aprel. 04:49Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (TDU) Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen resmi duşuşyk guraldy. Bu çärä ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümi bilen bir hatarda, talyp ýaşlar hem işjeň gatnaşyp, taraplaryň özara tejribe alyşmaga bolan gyzyklanmasyny tassykladylar.
Gepleşikleriň dowamynda bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna seljerme berildi we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi. Taraplar geljekde amala aşyryljak bilelikdäki işleriň mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de okuw maksatnamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça pikir alyşdylar.
Bilelikdäki duşuşygyň esasy bölegi bilim beriş usullaryny döwrebaplaşdyrmaga we bu ugurda halkara tejribesiniň iň gowy nusgalaryny ornaşdyrmaga gönükdirildi. Şunda mugallymçylyk kadrlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek we ylmy barlaglary goldamak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.
TDU-nyň resmi web-saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, bu gepleşikler Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täze itergi berer. Şeýle duşuşyklar ýokary okuw mekdepleriniň dünýä derejesindäki abraýynyň artmagyna we bilim ulgamynyň dünýä giňişligine işjeň goşulmagyna ýardam edýär.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.