Oýun sanawy


Magtymguly adyndaky TDU-da matematika boýunça halkara ýaryşa badalga berildi
10 Aprel. 05:06Paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça III Halkara olimpiadanyň dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bu abraýly intellektual bäsleşik Aşgabadyň dünýä derejeli ylym we bilim merkezine öwrülýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Olimpiada dürli ýurtlardan gelen zehinli ýaşlary bir ýere jemläp, dostlukly we ylmy hyzmatdaşlyk gurşawyny döretdi.
Bu gezekki halkara ýaryşa Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we beýleki goňşy hem-de sebit döwletleriniň mekdep okuwçylaryndan ybarat jemi 200-e golaý türgen gatnaşýar. Açylyş dabarasynyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary tarapyndan taýýarlanan medeni çykyşlar myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Hususan-da, gatnaşýan her bir döwletiň milli medeniýetine degişli aýdym-sazlaryň ýerine ýetirilmegi ýokary myhmanperwerligiň nyşany boldy.
Olimpiadanyň dabaralarynyň çäginde myhmanlar TDU-nyň eýwanynda guralan giň göwrümli sergi bilen tanyşdylar. Bu sergi Türkmenistanyň bilim ulgamynda gazanan sepgitlerini we döwrebap tehnologiýalaryň okuw amalyýetine ornaşdyrylyşyny aýdyň görkezdi. Şeýle-de, daşary ýurtly talyplar uniwersitetiň muzeýlerine aýlanyp, türkmen halkynyň baý taryhy we Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada gymmatly maglumatlary aldylar.
Bäsleşigiň özi Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän 135-nji orta mekdebinde A we B derejeler boýunça geçiriler. Zehinli ýaşlar matematika degişli çylşyrymly meseleleri çözmekde öz ussatlyklaryny görkezerler. Ýaryşyň jemleri boýunça iň güýçli matematikler kesgitlenip, degişli sylaglara mynasyp bolar.
Olimpiada gatnaşyjylar üçin diňe bir ylmy däl, eýsem gyzykly medeni maksatnama hem taýýarlandy. Syýahatçylyk çäreleriniň çäginde ýaşlar Bitaraplyk muzeýine hem-de täze açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç ederler. Bu çäreler myhmanlara Aşgabadyň ajaýyp binalaryny görmäge we türkmen medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.