Oýun sanawy
Türkmen alymlary sanly bilim we energiýa gözegçiligi ulgamynda täzelikleri hödürlediler
16 Sen. 06:29Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary «Antiplagiat» atly programma üpjünçiligini döretdiler. Bu programma Döwlet intellektual eýeçilik gullugynyň şahadatnamasyny aldy.
Ulgam ylmy we okuw resminamalarynda çeşmesiz göçürmeleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Ol türkmen we daşary ýurt dillerindäki tekstleri barlap, talyp işleriniň dürslügini anyklamak üçin peýdalanylýar.
Taslamanyň baş awtory tehnika ylymlarynyň kandidaty, sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň uly mugallymy Maksat Çuriýew boldy. Şeýle hem Mergen Amanow, Sapardurdy Aşyrow, Rejepmyrat Myratberdiýew we Rahat Nepesow gatnaşdylar.
Şonuň bilen birlikde, talyp we ýaş hünärmenler topary gymmat enjamlar bolmazdan yşyklandyryş enjamlarynyň energiýa sarp edilişine gözegçilik edýän akylly ulgam döretdi.
Bu başlangyçlar Türkmenistanyň ylmyň sanlylaşdyrylmagyna, innowasiýalaryň ösdürilmegine we tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyna uly üns berýändiginiň subutnamasydyr.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.
Şeýle hem okanyň