Oýun sanawy


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatynyň kenarýakasynda seýrek duş gelýän äpet deňiz jandary awlandy. Ýerli ýaşaýjy öz oglunyň okuwy tamamlamagynyň şanyna gurnalan gezelenç wagtynda agramy 218 kilograma barabar bolan äpet gylyç-balygy tutdy. Bu waka diňe bir maşgala däl, eýsem bütin sebit üçin garaşylmadyk täzelige öwrüldi.
Balykçynyň aýtmagyna görä, bu äpet awy gämiň bortuna çykarmak aňsat bolmady. Umman jandary bilen alnyp barlan tutlanyşykly göreş bäş sagatdan gowrak wagta çekdi. Balygyň örän uludygy we güýçlüdigi sebäpli, ony gaýyga ýüklemek üçin uly yhlas we çydamlylyk talap edildi.
Tutulan balygyň ykbaly hem özboluşly çözüldi. Awa gatnaşanlar äpet gylyç-balygyň agramly bölegini ýerli ýäşaýjylara we tanyş-bilişlerine sowgat hökmünde paýlamagy makul bildiler. Netijede, bu seýrek duş gelýän deňiz önüminiň etinden 70-e golaý adam dadyp gördi, awçylaryň özlerine bolsa diňe azajyk bölegi galdy.
Hünärmenler bu ölçegdäki gylyç-balyklaryň Florida kenarlarynda örän seýrek duş gelýändigini belleýärler. Tebigaty öwrenijileriň we balykçylyk hünärmenleriniň pikiriçe, 200 kilogramdan geçýän bu görnüşli balygyň tutulmagy sebitde soňky ýyllaryň iň uly netijeleriniň biridir. Bu waka halkara habar beriş serişdeleriniň hem ünsüni özüne çekdi.
Şeýle hem okanyň


Bangladeşde gyzamyk we denge keselleriniň ýaýramagy sebäpli saglygy goraýyş ulgamy kynçylyklara duş gelýär
10 Sen. 09:46Bangladeşde ýurduň taryhynda iň uly gyzamyk epidemiýasy hasaba alnyp, keselhanalaryň näsaglardan dolmagy netijesinde saglygy goraýyş ulgamy agyr kynçylyklary başdan geçirýär. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň hamana Bangladeşiň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp «Reuters» gullugynyň habar berşi ýaly, 2026-njy ýylyň mart aýyndan bäri bu kesel sebäpli 999 ölüm hadysasy we 166 müňden gowrak şübheli näsag ýüze çykaryldy. Kesellänleriň agramly bölegini bäş ýaşa çenli çagalar düzýär.
Ýurtdaky saglygy goraýyş ýagdaýyny denge gyzzyrmasynyň hem birden ýaýramagy has-da kynlaşdyrýar. Ýylyň başyndan bäri denge keseli sebäpli 45 müňden gowrak adam hassahana ýerleşdirilip, bir günüň dowamynda keselhana düşýänleriň sany iň ýokary görkezijä ýetdi. Şunlukda, keselhanalarda orunlaryň, dermanlaryň hem-de çagalar üçin niýetlenen fiziologik erginleriň ýetmezçiligi ý кур çykdy.
Epidemiýanyň şeýle giň gerim almagyna 2024-2025-nji ýyllarda syýasy çökgünlik sebäpli meýilnamalaýyn sanjym işleriniň bökdelemegi hem-de wagtlaýyn hökümetiň milli sanjym kampaniýalaryny ýatyrlyp, derman satyn alyş ulgamyny üýtgetmegi sebäp boldy.